TDHÇMB-niň söwdalarynda işewürler ýangyç-energetike toplumynyň önümlerini satyn aldylar

TDHÇMB-niň söwdalarynda işewürler ýangyç-energetike toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine jins önümleri, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 21 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 38 million 303 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993