29-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy diýip, TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň köp ulgamlary we ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.
«Ýurtlarymyz halkara giňişliginde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, ekologiýa we suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler» diýlip, agentligiň habarynda bellenilýär.