Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika ulgamynda Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika ulgamynda Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Aşgabat Bişkek bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň energetika pudagyndaky özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar.

2021-nji ýylyň iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran sapary bilelikdäki hereketlere kuwwatly itergi berdi. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, bu kuwwaty iki ýurduň, tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma çagyryp, Sadyr Žaparowyň oňa gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow, öz gezeginde, Milli Liderimizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik 29-njy ýanwarda geçirildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993