Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

19-20-nji fewralda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler diýip, TDH habar berýär.

Maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini, şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem netijeli ösdürilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993