Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň diplomatlary bilen geçiren duşuşygynda energetika, söwda we ulag ulgamlaryna hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada 2-nji fewralda, ýekşenbe güni, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasyndan alnan maglumata salgylanyp habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň energetika, söwda we ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmak ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Yslamabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk» atly seminar geçirildi. Ol Pakistandaky BMG-niň Utgaşdyryjy edarasynyň we Yslamabadyň Strategiki barlaglar instituty (ISSI) bilen bilelikde guraldy.
Çäräniň dowamynda Pakistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Yslamabadyň Strategiki barlaglar institutynyň, BMG-niň Pakistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar hem-de diplomatlar çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda beýan edilen Global howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek başlangyjynyň ähmiýetini nygtadylar.
Seminara gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryny oňyn ugra gönükdirmek, dünýä syýasatynda ynanyşmagy pugtalandyrmak we halklaryň arasynda dialogy dikeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, bu ugurda öňdengörüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdiler.
Şu günki gün halkara meseleleriň çäginde bu tagallalaryň aýratyn möhümdigi nygtaldy. Seminara gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň diňe bir Türkmenistanyň taryhynda däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynda ynanyşmaga, hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge esaslanýan parahatçylygy gurmagyň täze giňişliklerini açjak döwür hökmünde ýatda galjakdygyna ynam bildirdiler.