Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Ministrler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda we senagat pudaklary ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy, hususan-da taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we oňa baha berdiler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garadylar, şeýle hem geljek üçin bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+»  formatlaryndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi we oňyn tejribesi beýan edildi. Diplomatlar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ministrler köpugurly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge meýillidiklerini nygtadylar. Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993