Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Belläp geçsek, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi 2025-nji ýylyň 19-20-nji fewralynda geçiriler.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993