Türkmenistanyň we Pakistanyň Baş konsullary nebitgaz toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Pakistanyň Baş konsullary nebitgaz toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar

3-nji fewralda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky (Owganystan) täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Türkmenistanyň Baş konsuly B.Ýolowyň arasynda geçirilen tanyşlyk duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, ORIENT News habar berýär.

Türkmenistanyň Baş konsullygynda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijileri hem-de olar bilen ugardaş taslamalar dogrusynda pikir alyşdylar.

Bu taslamalaryň Owganystanda we tutuş sebitde parahatçylygyň kemala gelmeginde hem-de sebitiň ykdysady taýdan ösmeginde möhüm taslamalardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993