5-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
Gyýanlydaky polimer, Garabogazdaky karbamid, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.