Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler

Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler

Duşanbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygyna gatnaşyjylar Owganystany dikeltmek bilen bagly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystany durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwürmek meselesinde ygrarlydyklaryny mälim etdiler we halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanyň halkyna goldaw bermegi dowam etdirmek ugrundaky tagallalaryny tassykladylar.

Şeýle formatda ýörite wekilleriň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi hem-de Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary ilertletmekde oňyn meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Duşuşykda Owganystany ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmak we dikeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy üçin amatly şertleri döretmegiň we Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow gatnaşyjylary türkmen tarapynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde dialogy we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler we Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň – dünýäniň döwletleriniň, esasanam Merkezi Aziýa sebitiniň, abraýly halkara düzümleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Şeýle hem Owganystany dikeltmek we onuň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993