Aşgabatda COP29 maslahatynyň esasy netijeleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda COP29 maslahatynyň esasy netijeleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda COP29 – BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Konferensiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Onda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bakuwda geçirilen konferensiýanyň esasy jemlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, COP29-da esasan howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek meselelerine üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar öňki maliýeleşdiriş maksadyny üç esse artdyrmak kararyna gelip, ony 2035-nji ýyla çenli ösüp barýan ýurtlar üçin ýylda ABŞ-nyň 300 milliard dollaryna çenli ýokarlandyrdylar.

Azerbaýjan uýgunlaşma çärelerini öňe sürüp, Ählumumy uýgunlaşma maksadyna goldaw bermek maksady bilen, Baku uýgunlaşma Ýol kartasyny işläp taýýarlady. Şeýle hem COP29-da howa betbagtçylyklaryndan zyýan çeken ýurtlara maliýe goldawyny bermek üçin Öwez tölegini bermek gaznasynyň işe girizilendigi mälim edildi.

Konferensiýanyň esasy netijeleriniň biri hem, Pariž Ylalaşygynyň 6.4 maddasy boýunça ygtybarly we açyk uglerod bazarlarynyň döredilmegine gönükdirilen uzak wagtlap dowam eden gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy boldy.

COP29 Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "ýaşyl" energetika we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny güýçlendirmäge ýardam etdi. Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu konferensiýanyň çäginde birnäçe ählumumy taslamalar badalga aldy. Olaryň hatarynda Baku howa maliýeleşdiriş başlangyjy, COP29 “Howa we parahatçylyk” başlangyjy hem-de ýaşyl ykdysadyýetiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk ýaly taslamalar bar.

Ilçi Gezalow Türkmenistanyň 2025-nji ýylda SPECA-nyň başlyklygyny resmi taýdan kabul edendigini we bu ugurda öz konsepsiýasyny hem-de başlangyçlaryny hödürländigini belledi. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993