2024-nji ýylyň netijeleri boýunça 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyňky 0,6 göterim artdy.