Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini, şol sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Bu çäreler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.