Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň geçiriljek gününde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de onuň bu çärelere gatnaşmagynyň forumyň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatdaky tagallalaryny Eýranyň hem goldajakdygyna berk ynam bildirip, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada maslahatlaşmagy teklip etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňra oktýabrda Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada bolan saparynda bu gepleşikleriň dowam etdirilendigini belledi.