Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda möhüm meselä — Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Foruma Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.