Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barda TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Eýrany köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýranyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993