Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýar

Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýar

11-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, Arktika boýunça departamentiniň direktory Gerhard Saýller ýolbaşçylyk etdi.

Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar we onuň geljegi uly hasaplanylýan ugurlaryny kesgitlediler.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara gatnaşyklar babatynda diplomatlar geçen ýylyň martynda Wena şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere degip geçdiler.

Taraplar şu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýändiginiň  möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Iki ýurduň arasynda halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-nyň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993