12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi diýlip, habarda aýdylýar.
Raşid Meredow Türkmenistanyň bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Ulag pudagy we serhetýaka söwdasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, YHG-nyň Üstaşyr geçirijiler boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň, şeýle hem YHG-nyň Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.
Durnukly ösüş babatyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi. Ministr Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.