“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy

“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.

Uzynada käni Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky kärhanalarynyň üstünlikli we netijeli işleriniň aýdyň mysaly bolup durýar. Uzynada känindäki ilkinji gözleg guýusy 7150 metr çuňlukda 2017-nji ýylyň maý aýynda burawlanypdy. Şol wagt günlük nebit kondensatynyň 200 tonnasy we gazyň 500 müň kub metr senagat akymy alyndy.

Häzirki wagta çenli Uzynada käninde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň tagallalary bilen birnäçe gözleg we ulanyş guýulary burawlanyp, uglewodorodlaryň senagat akymlary alyndy.

Türkmen hünärmenleriň pikirine görä, Hazar deňziniň türkmen böleginiň golaýynda ýerleşýän Uzynada käniniň açylmagy we üstünlikli özleşdirilmegi kenardaky täze känleriň ýüze çykarylyş mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Bu bolsa geljegi uly ygtyýarly bölekleri özleşdirmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Türkmennebit” konserniniň nebit känleri 30-dan gowrak känleri öz içine alýar we olar özleşdirmäniň dürli tapgyryndadyr. Günbatar Türkmenistanyň känleriniň özleşdirilişi olaryň geologiki gurluş aýratynlyklaryna görä, häzirki zaman tehnikalaryny we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa uglewodorodlary gözlemek üçin 7 müň metrden gowrak çuňlukdaky guýulary burawlamaga mümkinçilik berýär.

Öňden özleşdirilip gelinýän känlerden almasy kyn nebiti çykarmak, şeýle hem has çuňňur gatlaklardaky öň elýeterli bolmadyk nebit gatlaklaryny özleşdirmäge mümkinçilik döretmek üçin konserniň ähli tehnologiýa önümçilikleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Bu ugurda Sсhlumberger, Yug-Neftegaz Private Limited (Singapur), Tatneft (Tatarystan, RF) we beýleki kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň jemi boýunça ýurdumyzda nebit öndürilişi 8 million 279,7 müň tonna bolupdyr.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993