TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we polipropilen satyn alyndy

TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we polipropilen satyn alyndy

13-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň dowamynda nebithimiýa önümleri, ýeňil senagat önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Hususan-da, Owganystandan telekeçiler "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "ТС-1" kysymly awiakerosini satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar.

Türkmenistanly telekeçiler bolsa "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "ТPP D 30С" kysymly polipropilen satyn almak barada şertnama baglaşdylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin çig matalar we flot aýnalar satyn alyndy.

Umuman, geçirilen söwdalaryň dowamynda jemi 8 şertnama baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 24 million 150 müň manat we ABŞ-nyň 2 million 190 müň dollary boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993