HEA 2025-nji ýylda nebite bolan islegiň artmagyna bolan bahalandyrmany ýokarlandyrdy

HEA 2025-nji ýylda nebite bolan islegiň artmagyna bolan bahalandyrmany ýokarlandyrdy

2025-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende gündelik 1,104 million barrel (b/g) ýokarlanjakdygy barada Halkara Energetika Agentliginiň (IEA) aýlyk hasabatynda aýdylýar.

Ýanwar aýynda HEA bu görkezijini 1,054 million b/g derejesinde çaklapdy. Şeýlelikde, agentligiň hünärmenleri islegiň ösüşine bolan bahalandyryşyny 50 müň b/g ýokarlandyrdylar.

Şeýle hem agentlikde bellenilmegine görä, 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,35 million b/g ösüş bilen iň ýokary ösüş depginini görkezipdir.

"Dekabrdaky sowuk howa ýyladyş üçin has köp nebit sarp edilişini artdyrdy, bu bolsa 2023-nji ýylyň dördünji çärýegindäki adatdan daşary ýumşak howa şertleriniň pes binýadynyň netijesinde bolup geçdi. Mundan başga-da, nebitiň ýyllyk esasynda has arzan bahasy sarp edişi höweslendirdi" diýip, HEA-nyň analitikleri belleýärler. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň soňky döwri, 2025-nji ýylda sarp ediş ösüşiniň has ýokary depginini kesgitleýän ýörelgäni döretdi diýip nygtalýar.

Hasabatda Hytaýyň dünýäde nebite bolan islegiň ösüşine täsiriniň azalandygy hem bellenilýär. 2024-nji ýylyň netijelerine görä, bu ýurtda içerki isleg diňe 150 müň b/g (dünýä ösüşiniň gurluşynda takmynan 20%) artdy. Bu bolsa soňky on ýylda ortaça ýyllyk 600 müň b/g ösüş bilen deňeşdirilende ep-esli pesdir. Ösüş esasan nebithimiýa pudagy bilen baglanyşykly bolup, HEA-nyň analitikleriniň pikirine görä, ýurtda motor ýangyjyna bolan islegiň ösüşe çykandygyny görkezýär.

2024-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösmegine iň uly goşant goşan ýurtlar, YHÖG girmeýän Aziýa ýurtlary bolup, olar takmynan 300 müň b/g ösüş üpjün etdiler. Şeýle hem, Hindistan 200 müň b/g, Ýakyn Gündogar ýurtlary 110 müň b/g we Braziliýa 90 müň b/g goşant goşdy.

HEA-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, 2025-nji ýylda nebite bolan islegiň ösüşinde YHÖG girmeýän ýurtlaryň agalyk ýagdaýy saklanyp galar, YHÖG ýurtlarynda bolsa nebitiň sarp edilişi peselmek bilen bir hatarda durnuklylyk ýagdaýynda galar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993