Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen “ÝB – Merkezi Aziýa” Birinji sammitine gatnaşmak üçin 3-4-nji aprelde Özbegistana bararlar. Sammit Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçer diýlip, ÝB-niň Daşkentdäki wekiliýetiniň ýaýradan metbugat beýanynda aýdylýar. Bu barada 14-nji fewralda Interfaks habar berýär.
Garaşylyşy ýaly, 4-nji martda Aşgabatda “ÝB – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyga bagyşlanan 20-nji ministrler duşuşygy geçiriler.
“Sammit Ýewropa Bileleşigine Merkezi Aziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin möhüm mümkinçilik bolar” diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, Samarkantda geçiriljek sammite Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Liderleri gatnaşar.
Metbugat beýanatyna görä, sammitiň dowamynda "Ýewropa Bileleşiginiň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklajakdygy, şol sanda sebitiň özünde we ÝB bilen ulag hem-de sanly utgaşyklylygy, strategik çig mal serişdelerini, ykdysadyýeti we howpsuzlygy, arassa we netijeli energiýa çeşmelerine geçişi öz içine alýandygy" nygtalýar.
Şeýle hem beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýany kabul edendigi, bu strategiýanyň sebitde soňky ýyllarda gazanylan oňyn özgerişlere esaslanýandygy we Ýewropa Bileleşigi üçin sebitiň strategik ähmiýetiniň artýandygyny görkezýändigi bellenilýär.
Täzelenen strategiýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen has durnukly, döwrebap we hemmeler üçin elýeterli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň maksady – sebiti has güýçli, wehimlere has çydamly, gülläp ösýän we ýakyndan baglanyşykly ykdysady-ykdysady giňişlige öwürmekdir.
Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň sebitiň ikinji uly söwda hyzmatdaşydygy, şeýle hem Merkezi Aziýa edilen ähli maýa goýumlaryň 40%-den gowragynyň Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýändigi bellenilýär.