1-nji martda Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Türkiýä tebigy gazyny iberip başlar – Türkiýäniň ilçisi

1-nji martda Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Türkiýä tebigy gazyny iberip başlar – Türkiýäniň ilçisi

2025-nji ýylyň 1-nji martyndan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek işleri başlanar. Ibermeler swap usuly arkaly Eýranyň üstünden amala aşyrylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok anna güni türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin geçiren metbugat maslahatynda aýtdy.

Türkiýe we Türkmenistan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek hakynda taryhy ylalaşyk gazandylar. 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda “Türkmengaz” bilen BOTAŞ kompaniýasynyň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi. Gaz ibermeleri 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap,  Eýranyň üsti bilen barter usuly arkaly amala aşyrylar diýip, ilçi belledi.

Bu hadysa köp ýyllyk gepleşikleriň netijesi bolup, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädimdir. Ylalaşyk ýylda 2 milliard kubometr gazyň iberilmegini göz öňünde tutýar diýip, diplomat belleýär.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi bu ylalaşygyň Türkiýäniň hem-de sebit üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem ol, Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Ilçiniň sözlerine görä, uzak möhletli meýilnamada Türkiýe Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu taslama Türkmenistanyň gaz eksportyny artdyrmaga we ony Ýewropa bazaryna gönükdirmäge mümkinçilik berer.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993