Aprel aýynda Aşgabatda hil ülňüleri we şahadatnamalaşdyryş boýunça halkara maslahaty geçiriler

Aprel aýynda Aşgabatda hil ülňüleri we şahadatnamalaşdyryş boýunça halkara maslahaty geçiriler

29-30-njy aprelde Aşgabatda “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi"atly halkara maslahaty geçiriler. Forum standartlaşdyrmak, önümiň we hyzmatyň hilini üpjün etmek bilen bagly açyk meseleleri ara alyp maslahatlamak üçin döwlet edaralaryň, işewürleriň wekillerini, halkara guramalaryň wekillerini we bilermenleri birleşdirer.

Maslahatyň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň önüminiň, hyzmat ulgamynyň hili halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylar. Çäre türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän maslahat harytlaryň we hyzmatlaryň hilini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümligini nygtaýar.

Maslahatyň çäklerinde şahadatnamalaşdyryş ulgamynda iň täze tehnologiýalaryň sergisi geçiriler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993