Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli wekilçilikli forum geçiriler.

Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyny bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993