Türkmenistan III Hazar ykdysady forumynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistan III Hazar ykdysady forumynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

H.Geldimyradow öz çykyşynda bilelikdäki logistika merkezlerini we meýdançalaryny döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etmek bilen, Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hindi ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrynyň taslamalarynyň ähmiýetini nygtady diýip, DIM belleýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp düzmek boýunça başlangyçlaryna foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag infrastrukturasy, energetika, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak babatynda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi ýaly wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak ykdysady forumyň umumy mejlisiniň gün tertibine girizildi.

Foruma gatnaşyjylar onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebitleýin ykdysady utgaşygyna ýardam berjekdigine we Hazaryň halkara söwdasynyň strategiki merkezi hökmündäki ornuny ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Umumy mejlisiň jemleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Üçünji Hazar ykdysady forumynyň Bilelikdäki beýanaty kabul etdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref tarapyndan kabul edildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993