Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda geçirilen iş duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň mart we aprel aýlarynda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşdäki duşuşyklar bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler.

Iş duşuşygyna gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen ÝB-iň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary syýasy derejede işjeňleşýändigini bellediler diýip, DIM habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993