18-nji martda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" (IFT–2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «ТМТ Consulting Group» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýan forum maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirer.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, häzirki wagtda foruma gatnaşmak üçin 21 döwlete wekilçilik edýän 100-den gowrak wekil ýüz tutdy.
IFT–2025 gatnaşyjy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmäge, ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga we forumyň meýdançalarynda sebitleýin işewürligi ösdürmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Forumyň çäklerinde öňdebaryjy ykdysadyýetçileriň, işewürler dünýäsiniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda panel ara alyp maslahatlaşmalary, ýurduň esasy ykdysady pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän networking sessiýalary geçiriler.
Forumyň çäginde görkezilen taslamalar IFT–2025-iň resmi saýtynda hem ýerleşdiriler.
Forum barada has giňişleýin maglumaty resmi saýtynda alyp bolar: www.ift.com.tm