Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Degişli çakylygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda berdi we onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda öňe sürýän, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň hemişe goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.