Gyrgyzystanyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Gyrgyzystanyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

26-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşini tassykladylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň gatnaşmagynda öňde duran çäreleri, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ýollanan agzalan foruma çakylygy gowşurdy.

Gyrgyzystanyň Baştutany gyrgyz tarapynyň ýokary wekilçilikli derejede Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çärelere gatnaşmaga meýliniň bardygyny beýan etdi.

“Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem energetika we ulag logistikasy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar” diýlip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkidilmegine ygrarlylygyny beýan edip, Türkmenistandan Gyrgyzystana energiýa geçirijileriniň iberilmegi meseleleri babatda çözgüdi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993