Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini maslahatlaşdylar

27-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Antonella Bassani bilen geçirilen duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga şeýle hem Bütindünýä bankynyň sebit direktorlary we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy diýip, ministrlik habar berýär.

Duşuşygyň gün tertibinde Türkmenistanyň we Bütindünýä banky toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary girizildi. Geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň indiki tapgyrlaryny kesgitlediler.

Bütindünýä banky Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we strategiýa taýdan möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilen ykdysady özgertmelerini goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulyýewiň belleýşi ýaly, Bütindünýä banky bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk ýurdumyzda uzak möhletli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda möhüm faktor bolup durýar. Ol durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993