26-27-nji fewralda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde geçirilen okuw maslahatynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagynyň geljegi bilen bagly milli senagat we söwda syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ÝHHG-niň Merkezi bilen bilelikde guramaçylyk etdi. Okuw maslahaty döwlet edaralarynyň wekillerini jemläp, BSG-niň şertlerinde senagata we söwda döwlet goldawyny bermek meselelerine bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda BSG-niň düzgünleri bilen sazlaşykly senagat we söwda goldawynyň esasy ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BSG-niň Russiýadaky Barlag merkeziň baş direktorynyň orunbasary Anait Smbatýanyň bellemegine görä, halkara kadalary berjaý etmeklik milli ykdysadyýeti dünýä söwdasyna goşmak üçin möhüm şert bolup durýar.
“Söwdanyň özidiňe bir maksat däl, eýsem, ykdysady ösüşi we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň guralydyr” diýip, bilermen nygtady. “BSG-niň şertleri milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine we täze mümkinçilikleriň döremegine ýardam bermelidir” diýip, ol belledi.
Okuw maslahatynda esasy temalaryň biri - senagat we oba hojalygynda döwlet ýeňillikleriniň orny boldy. Gatnaşanlar bu ýeňillikleriň BSG düzgünleriniň çäklerinde nähili ulanylyp bilinjekdigini we olaryň içerki önüm öndürijileri halkara bäsdeşlikden goramakdaky ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem döwlet ýeňillikleriniň häzirki görnüşleri we BSG-niň düzgünlerine laýyklykda olaryň ulanylyş usullary seljerildi.
Bu okuw maslahaty durnukly ösüş ýörelgeleri we halkara standartlary nazara almak bilen, milli ykdysadyýetleriň dünýä söwda ulgamyna utgaşmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.
Oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň BSG düzgünlerini has gowy düşünmäge we olaryň ýurduň ykdysady ösüşine täsirini seljermäge ýardam edýändigini bellediler diýip, Orient habar berýär.