Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça teklibi goldady

Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça teklibi goldady

28-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993