Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.

“2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bu möhüm çärä gatnaşjakdygymy tassyklaýaryn” diýlip, metbugatda çap edilen hatda aýdylýar.

Tokaýew bu wekilçilikli forumy geçirmek başlangyjynyň ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn ornuny, ählumumy howpsuzlygyň durnukly mehanizmlerini döretmäge ýardam bermek bilen, parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini nygtaýar.

“Gazagystan Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna açyk, netijeli dialoga bolan garaýyşlaryny hemişe goldaýar” diýip, Tokaýew belleýär.

Tokaýew “geçiriljek forumyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak, olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boljakdygyna ynanýandygyny” nygtady.

Öň, Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşjakdygyny Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tassyklady.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993