Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, ýorgan-düşek daşlygynyň toplumlary, jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 724 müň manatdan gowrak bolan buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini, nah galyndylary satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993