Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerinden göni daşary ýurt maýa goýumlaryny iň köp özüne çekýän ýurtdur. BAE-niň bu sebite umumy maýa goýumlarynyň 65,4%-i Türkmenistana degişli bolup durýar, bu bolsa ABŞ-nyň 8 milliard dollaryna deňdir. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berýär.
Türkmenistandan soňra, BAE-den iň iri maýa goýumlaryny alýan ýurtlar Özbegistan (2,2 milliard dollar ýa-da umumy möçberiň 17,85%-i) we Gazagystan (1,5 milliard dollar ýa-da 12,3%) boldy.
Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çalt depginde ösmegi BAE-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, şol sanda strategiki ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.
ÝÖB-niň maglumatlaryna görä, tutuşlygyna Merkezi Aziýa BAE üçin esasy maýa goýum ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýum taslamalary energetika, çig mal pudagy, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýar.