Türkmenistanyň DIM-nde ÝB-niň täze bellenen Ýörite wekili bilen energetika, ulag, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-nde ÝB-niň täze bellenen Ýörite wekili bilen energetika, ulag, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

4-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda geçirilen duşuşykda ÝB bilen hyzmatdaşlyk meselelerini giň toplumy maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Taraplar energetika, ulag we arabaglanyşyk, daşky gurşawy goramak, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de ÝB-niň maliýe düzümleri bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklara garaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziýa–ÝB formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Özara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallaryny berkitmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary ilerletmek barada pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, diplomatlar şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993