Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.