Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri BAE, Türkiýä we Owganystana ýerlenildi

Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri BAE, Türkiýä we Owganystana ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini, karbamidi, ECO-93 kysymly awtoulag benzinini we nebit önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçileri buýan köküni, tüýjümek dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, jins matasyny, nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 4 million 200 müň manatlyk buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993