13-nji martda Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan dürli maglumatlar, fotosuratlar görkezildi. Sergide şäheriň dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan halkara güwänamalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary möhüm orun eýeledi.
HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Arkadag şäherine Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa güwänamany gowşurdy. Pursatdan peýdalanyp, ol Arkadag şäheriniň ýolbaşçylaryny we ähli ilatyny “akylly” şäheriň ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakyndaky bu ykrarnama bilen gutlady.
Dabaranyň barşynda Arkadag şäherinde ulanylýan innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Onda şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň netijeleri beýan edilýär.
Çykyşlarda häzirki döwürde gurluşyk-senagat düzümleri we beýleki ugurlar üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýändigine üns çekildi.