14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamlarynda, sebitara baglanyşyk, şertnama-hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.