Prezident Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady

Prezident Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady diýip, TDH habar berýär.

Resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 14-nji martda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.

Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi.

Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini, Diýarymyzda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutany halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993