18-nji martda Aşgabatda “Ýyldyz” otelinde hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT – 2025) atly halkara forum öz işine başlady.
IFT-2025 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň çäklerinde geçirilýär. Bu forum ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiliginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we döwlet hem-de hususy pudaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm meýdança boldy.
Forum ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri maýadarlary, telekeçileri, maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini jemledi.
Çäräni TSTB-niň Dolandyryş Geňeşiniň agzasy Kerim Akmämmedow açdy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň hususy pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan wideoşekil görkezildi.
Forumyň gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gutlag sözleri bilen ýüzlendi.
Duşuşyga Azerbaýjan, Owganystan, Belarus, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Niderlandlar, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Fransiýa, Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Estoniýa we ABŞ-dan wekiller gatnaşýarlar.
Foruma gatnaşyjylar senagat, ulag, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar, hususy pudagy goldamak çäreleri bilen tanyşmaga, halkara we ýerli maýadarlar, telekeçiler bilen gatnaşyklara girmegi, şeýle hem sebitde iş alyp barmagyň we maýa goýmagyň iň oňat dünýä tejribeleri barada hünärmenleriň maslahatlaryny almagy üçin ähli mümkinçilikler bilen üpjün edildi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar halkara tejribeleri we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar, täze taslamalary hem-de maýa goýum tekliplerini hödürlärler.
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.