“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyna Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel gatnaşdy.
TOPH gaz geçirijisine bagyşlanan tematik sessiýada çykyş eden Mohammed Hamel tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüşdäki iň möhüm ornuny aýratyn belläp, Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň esasy üpjün edijisi hökmünde ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Ol şeýle hem ýurduň dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça bäşinji orunda durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň tebigy gaz çykarylyşyny ep-esli artdyrmak baradaky meýilnamalaryny belläp geçip, ol “Galkynyş” käniniň özleşdirilmegine, strategiki serhetüsti infrastruktura taslamalaryna, şol sanda Merkezi Aziýa-Hytaý (D şahasy) gaz geçirijisiniň giňeldilmegine, TOPH gaz geçirijisine we Hazarüsti gaz geçirijisine ýokary baha berdi.
Gurama ýolbaşçysy GECF-niň maksatlarynyň Türkmenistanyň uzak möhletleýin energetika strategiýasy bilen gabat gelýändigini belläp, Aşgabadyň sebitleýin energetika howpsuzlygyny berkitmek, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi ilerletmek ugrunda edýän tagallalaryny ýokary bahalandyryp geçdi.
Hamel tebigy gazyň adalatly we giň gerimli energetiki geçişiň möhüm esaslarynyň biri bolup galýandygyny tassyklady. Şeýle hem, asyryň ortalaryna çenli dünýäde tebigy gaza bolan islegiň 32% ýokarlanjakdygyny, ýaşyl energiýa geçişiniň tertipli amala aşyrylmagy üçin halkara hyzmatdaşlygynyň we infrastruktura uly maýa goýumlarynyň zerurdygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Mohammed Hamel Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga umyt bildirip, ýurdumyzyň sebitleýin energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki öňdebaryjydygyny belledi hem-de Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň has ygtybarly, durnukly we gülläp ösýän sebitleýin we ählumumy energetika landşaftyny döretmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.