Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.

“Biz ýurdumyzda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdik. Şu ýylda Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçýär” diýip, Prezident belleýär.

“Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

“Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornaşypdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär” diýlip, gutlagda bellenilýär.

“Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, ata-babalarymyz ýylyň rysgal-berekede beslenip gelmegini alabaharda ýagyş-ýagmyryň bol ýagmagy bilen kesgitläpdirler. Bu ýylda keremli topragymyza ygalyň köp ýagmagy netijesinde meýdanlarymyz al-elwan güllere, gök dona bürenip, ýaşyl ýaýlalarymyz lälezar keşbe eýe boldy. Sahawatly sähralarymyz, boz meýdanlarymyz, dag-düzlerimiz türkmen ýazynyň gaýtalanmajak gözelliklerine beslendi. Bularyň ählisi Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde bagtyýar watandaşlarymyzyň göwünlerine ganat bekledýär. Nowruz nagmalarynyň ýaňlanýan günlerinde bagşy-sazandalarymyz şirin aýdym-sazlary, döredijilik toparlarymyz tanslarydyr joşgunly çykyşlary, şahyrlarymyz döwrebap goşgulary bilen Milli bahar baýramynyň şatlyk-şowhunyny artdyrýarlar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993