Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady

“Eziz watandaşlar! Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji martda merkezi neşirlerde çap edilen gutlagynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr” diýlip, gutlagda aýdylýar.

Döwlet Baştutany bu Kararnamanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýandygyny belleýär.

“Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, BMG Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr, sebitde hem-de dünýäde ygtybarly daýanjydyr.

“Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993