9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi, duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan möhüm halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam görkezildi. Döwlet Baştutany haryt dolanyşygyny artdyrmak, ýewropa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energetika, ulag we logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi nygtaldy.
Ýewropa Bileleşigi bilen ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi arkaly ýewropa bazarlaryna barýan ýollaryň hem-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigi bellenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda ÝB-niň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdy.