Hytaýyň Nankin uniwersitetiniň alymlary kömürturşy gazyndan kislorod alyp, bu ugurda öňegidişlik gazandylar. Gözlegiň netijeleri “Angewandte Chemie International Edition” (ACIE) ylmy žurnalynda çap edildi.
Fotosintez hadysadynda wodorod ulanýan ösümliklerden tapawutlylykda, hytaýly alymlar katalizator hökmünde litini ulandylar. Kömürturşy gazy ruteniý we kobalt (RuCo) nanokatalizatory bolan elektrohimiki öýjügiň üstünden geçirildi. Bu amal netijesinde gaz litiý karbonatyna, ugleroda we litiý oksidine öwrüldi. Ahyrky tapgyrda litiý oksidi dargaýardy, şonda arassa kislorod bölünip çykýardy we litiý gaýtadan ulanylmaga taýyn bolýardy. Özgertmäniň netijeliligi 98%-e ýetdi.
Awtorlaryň bellemegine görä, bu tehnologiýa Ýer ýüzünde senagat zyňyndylaryny we tüsse gazlaryny gaýtadan işlemek, howany arassalamak we suwasty enjamlar üçin ulanylyp bilner.
Şeýle hem, bu usul Marsda kislorod öndürmek mümkinçiliklerini açýar, sebäbi ol ýerde atmosferanyň 96%-i kömürturşy gazyndan ybarat.