Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.

“Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar” dýilip, merkezi neşirlerde çap edilen gutlag hatynda aýdylýar.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin!” diýip, Mişustin belleýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993