27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa wekiliýeti gatnaşdy.
Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Taraplar formatyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şol sanda sanly, energetika we daşky gurşaw özgerişlerine ýetmek üçin “Global Gateway” strategiýasynyň çäginde ulag we sanly özara baglanyşygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda Aşgabat şäherinde edara binasy ýerleşjek Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sebitleýin tehnologiýa merkezini döretmek baradaky başlangyjyny göz öňünde tutup, alternatiw energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi.
Duşuşygyň çäginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly ugurdaş çäre guraldy.
Şeýle hem “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.